Türkmenistan hem-de ÝB energiýa we ulag pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

25 Oktýabr 2023
366

Lýuksemburgda geçirilen «Merkezi Aziýa — ÝB»-niň ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi.

23-nji oktýabrda bolan duşuşykda esasy üns «Ýewropa Topary» maksatnamasynyň sebitleýin başlangyçlaryna gönükdirildi diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Bu çekişmeler energetika we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada çuň gepleşikler üçin esas döretdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagyndaky öňegidişligi görkezildi. Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň ÝB-niň bu ugurdaky goldawyna ýokary baha berjekdigini aýtdy.