Halkara nebitgaz forumy: energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant

25 Oktýabr 2023
530

Soňky ýyllarda energetika pudagynda ählumumy derejede uly üýtgeşmeler bolup geçýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamzadyň abadan geljeginiň bähbidine energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşine — «ýaşyl» energiýa geçmek boýunça meselä aýratyn üns berilmegi bilen şertlendirilendir. Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen halkara nebitgaz forumlary bolsa energetika geçişi bilen bagly alnyp barylýan işleri giňden şöhlelendirmekde, bu ugurda özara pikir alşyp, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmegi üpjün edýän netijeli çözgütleri kabul etmekde, täzeçil strategiýalary işläp taýýarlamakda ykrar edilen meýdança öwrüldi. Şu gün — 25-nji oktýabrda hem paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar.

Halkara nebitgaz forumynyň guralmagynyň esasy maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek üçin sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, dünýä energetika ulgamyndaky soňky meýillere syn bermekden we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, däp bolşy ýaly, dünýäniň onlarça ýurdundan nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň ýüzlerçesi foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza ýygnandylar. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýan bu serginiň we maslahatyň, olaryň çäginde guraljak iş duşuşyklarynyň geljegi uly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň ýangyç-energetika we nebitgaz pudaklarynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän täze maýa goýum taslamalary barada habarlylygyny artdyrjakdygy ikuçsuzdyr.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».