Lukmançylyk ylmynyň baý mirasyna bagyşlap

25 Oktýabr 2023
578

Häzirki döwürde ýurdumyzda Abu Aly ibn Sina, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Abu Reýhan Biruny, Muhammet Hüseýin ýaly lukmançylyk ylmynda öçmejek yz galdyran alymlaryň baý mirasyna uly sarpa goýlup, onuň giňden öwrenilmegi, özleşdirilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Ýakynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Abu Aly ibn Sina bagyşlanan maslahatyň geçirilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Bu maslahat Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda guralan «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly giň wekilçilikli halkara maslahatyň özboluşly dowamyna öwrüldi.

Dünýä döwletleri, şol sanda goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar, şol sanda ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar. Geçen ýyl Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekilmegi hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini görkezýär.

Muhammetguly ATAGARAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.