Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

24 Oktýabr 2023
605

Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň çyglylygy sebäpli ýüze çykyp biläýjek ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşary çykanda burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, elmydama elleri arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Sagdyn iýmitlenmek, möwsümde ýüze çykyp biläýjek ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak, arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek sizi birnäçe kesellerden gorar. Kesel birden gyzgynyň galmagy, kelle we endamyň agyrysy, üşütme bilen başlaýar. Keseli aýak üstünde geçirmek öýken sowuklamasy, radikulit, gaýmorit, gulagyň sowuklamasy ýaly näsazlyklara getirýär. Şol sebäpli özüňi ýiti respirator wirusly kesellerden goramak üçin birnäçe talaplary berjaý etmek hökmandyr. Ilki bilen arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli. Şeýle hem pasla görä geýinmeli, daşary çykmazdan öň burun boşlugyna oksolin melhemini çalmaly. Aýaklary mydama ýyly saklamaly, çünki sowuklama keseli aýaklaryň üşemegi sebäpli bolup bilýär.

Ogulbibi JANMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany.