Sport saglyga hemra

18 Oktýabr 2023
570

— Üç ýyldan bäri biynjalyk edýän derdime etmedik emim galmady. Içimdäki, dyz bogunlarymdaky, oňurgalarymdaky agyrylar wagtlaýyn aýrylan ýaly bolsa-da ýene-de tapylyberýärdi. Ýöne birden hemme zat üýtgedi. «Farap» şypahanasyna gelip, saglygymy bejerdip ýören günlerimde bejeriş-bedenterbiýe otagyna girdim. Bu ýerdäki hünärmen meni mähir bilen garşylady. Arzymy diňläninden soňra, otagdaky enjamlar bilen tanyşdyrdy we biz dessine türgenleşip başladyk. Eýýäm bir gezekden soň men endamymda ýeňillik duýdum. Men indi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýaryn. Munuň, hakykatdan-da, bedenimize saglyk paýlaýandygyna aňryýany bilen göz ýetirdim.

Bu sözler şypahanada bejergi alan paýtagtly Işanguly Kerimowyň sözleri. Işanguly aganyň dertlerinden dynmagyna sebäp bolan Zakirjan Ýoldaşow indi birnäçe ýyldan bäri «Farap» şypahanasynda bejeriş-bedenterbiýe otagynyň hünärmeni bolup işleýär. Onuň gürrüň bermegine görä, mugallymlar maşgalasynda dünýä inen türgen entek çagaka hem juda çalasyn bolupdyr. Şol sebäpden hossarlary onuň sport bilen meşgullanmagyny oňlapdyrlar. Ol 5 ýaşyndan bäri sport bilen meşgullanyp gelýär.

Maral AGAMYRADOWA.