Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

17 Oktýabr 2023
430

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Aýratynam, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýurdumyzyň köp ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşy bolup gelýär.

Eziz Watanymyz 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan gününden bäri bu abraýly halkara gurama bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda özara hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gymmatly tejribesi toplandy. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüdiň kabul edilendigi baradaky aýdan şatlykly habary-da aýdyň tassyklaýar.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.