Türkmenistan Astrahanda geçiriljek halkara ulag forumyna gatnaşar

17 Oktýabr 2023
807

25-26-njy oktýabrda Astrahanda «Demigrazyk — Günorta» HUG — täze konsepsiýa» atly halkara forum geçiriler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, foruma 150-den gowrak kompaniýadan, şol sanda Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistandan, Hindistandan, Pakistandan, BAE-den we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşarlar. Gatnaşyjylar ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle-de «Demirgazyk — Günorta» HUG taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly amaly meseleler boýunça pikir alşarlar.