Hytaýyň daşary işler ministri Türkmenistanyň üçünji «Bir guşak — bir ýol» forumyna gatnaşmagyny gutlady

17 Oktýabr 2023
501

Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Türkmenistany Pekin şäherinde geçirilýän «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumyna gatnaşmagy bilen gutlady. Bu barada «Sinhua» habarlar agentligi habar berdi.

Hytaýyň daşary işler ministri türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň bu möhüm çärä gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine we dürli möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigini aýtdy.