Halkara awtoulaglar birleşiginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Eýranyň ýollarynyň geçirijiligine ýokary baha berdi

16 Oktýabr 2023
507

Halkara awtoulaglar birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän Gündogar - Günbatar ugrunyň Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerind egeçýän günorta şahasynyň geçirijilik mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.

Onuň sözlerine görä, öňdebaryjy tejribeleriň we sanly TIR ulgamynyň ornaşdyrylmagy, gümrük we serhetüsti geçmek işiniň ýeňilleşdirilmegi wagty tygşytlamaga we ulag geçelgesiniň geçirjiligini has-da ýokarlandyrmaga şert döreder. Bu barada ol Ženewa şäherinde Eýranyň Gümrük administrasiýasynyň başlygy Mohammed Rezwanifarom bilen bolan duşuşygynda mälim etdi.