Türkmenistanyň ýol-ulag düzümi Özbegistany Russiýa bilen baglanyşdyrar

16 Oktýabr 2023
559

Türkmenistanyň ýol-ulag düzümi Özbegistany Russiýanyň Hazar deňzindäki portlary bilen özara baglanyşdyrar. Şeýlelikde, Özbegistan Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesine birikmäge oňat mümkinçilik alar. Bu boýunça Russiýa Federasiýasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ulag ministrleri Witaliý Sawelýow we Ilhom Mahkamow degişli ylalaşyga geldiler diýip, Özbgegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri mälim edýär.

Häzirki wagtda Özbegistan sebitde bar bolan ähli ulag-logistika mümkinçilikleir ýerlikli ulanmak arkaly öz önümlerini dünýä bazaryna diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda iş alyp barýar. Türkmenistanyň demir ýollarynyň ulanylmagy şeýle ädimleriň biri bolup biler.