Bişkek sammiti: dostluk hem arkalaşyk ruhy bilen täze belentliklere

16 Oktýabr 2023
797

Häzirki zaman dünýäsinde Ýer ýüzünde ýaşaýan milliardlarça adamyň şu günki ykbalynyň hem nurana geljeginiň köp babatda döwletleriň Liderleri tarapyndan alnyp barylýan deňagramly syýasata, kabul edilýän oýlanyşykly çözgütlere, olaryň pugta syýasy erk-islegine baglydygy jedelsiz hakykatdyr. Şunda ýurtlaryňdyr halklaryň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmek hemişe baş maksat hasaplanypdyr. Dünýäde dowam edýän häzirki çylşyrymly şertlerde bolsa munuň özi has derwaýys zerurlyga öwrülýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Baştutanlary-da ýygy-ýygydan duşuşyp, köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda döwrüň ýüze çykarýan şu we beýleki möhüm meselelerini ýakyndan ara alyp maslahatlaşýarlar. 13-nji oktýabrda Bişkekde geçirilen nobatdaky sammit hem dostlukly döwletleriň Liderleriniň 8-sini bir meýdança jemledi.

Halkara syýasatda 30 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy dünýäde iň täsirli sebitleýin guramalaryň biri hökmünde öz ornuny yzygiderli berkidip gelýär. Syýasatşynaslaryň köpüsi döwletara gatnaşyklaryň tas ähli ugurlaryny öz içine alýandygyny, şunda gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň bähbitleriniň göz öňünde tutulýandygyny Arkalaşygyň esasy üstünligi hasaplaýarlar. Elbetde, bu dogry. Ýöne gurama girýän döwletleriň iň ýakyn goňşularymyz, hoşniýetli dostlarymyz we ygtybarly hyzmatdaşlarymyz bolmagy, GDA-nyň giňişligindäki hyzmatdaşlygyň hem diňe birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýandygy biziň üçin has gymmatlydyr. Biziň ýurtlarymyz tas bir asyrlyk bilelikdäki taryhy ykbaly, toplanan oňyn tejribeleri, geosyýasy we geoykdysady artykmaçlyklary deň paýlaşýarlar. Ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklaryň barha giňeýän gerimi, häzirki ýagdaýlarda diňe jebisligiň ýiti zerurlyk bolup öňe çykýandygy bolsa biziň geljegimiziňem umumydygyny görkezýär.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».