«EKSPO — 2023 Doha»: Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat»

15 Oktýabr 2023
523

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň bütindünýä we ýöriteleşdirilen halkara sergilere işjeň gatnaşmagy hem dürli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Katar döwletiniň paýtagty Doha şäherinde Halkara sergiler býurosynyň goldaw bermeginde guralýan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisiniň çäklerinde 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününiň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi hem ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda amala aşyrylýan tagallalary Ýer ýüzüne äşgär etdi. Şeýle ajaýyp baýramçylygyň şaýady bolmak bagt bolsa, dostlukly ýurtda gören-eşidenleriňi hem-de halkara sergi baradaky bilýänleriňi okyjylar bilen paýlaşmak iki esse ýakymlydyr.

Täsinlikleriň we täzeçillikleriň mekany

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».