Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan halkara sebitleýin seminar geçirildi

15 Oktýabr 2023
616

Soňky ýyllarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen döwletimiziň gümrük syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işini sanly ulgam arkaly amala aşyrmakda, harby gullukçylaryň hünär derejelerini kämilleşdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Hut şu ýylyň dowamynda halkara guramalary we daşary ýurtlaryň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde gümrük işgärleri üçin sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw çäreleriniň we iş duşuşyklarynyň 50-den gowragyna 300-e golaý harby gullukçylarymyz gatnaşdylar. Şeýle-de onlarça harby gullukçylarymyz daşary ýurtlaryň ençemesinde gümrük işiniň dürli ugurlary boýunça guralan hünär kämilleşdiriş sapaklaryny geçdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Maksatnamasynyň» çäklerinde ýörite port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda dürli gümrük nokatlarynda ýörite okuwlar geçirildi. Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde dürli gümrük edaralarynyň işi bilen ýakyndan tanyşmak bilen, ýurdumyzda gümrük işiniň milli kanunçylygymyza laýyklykda amala aşyrylyşyna ýokary baha berdi. Häzirki wagtda Bütindünýä gümrük guramasy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasyndaky amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyklary barha ýokarlanyp, oňyn tejribeler toplanylýar. Biz munuň aýdyň subutnamasyny ýörite taýýarlanan Maksatnama esasynda şu ýylyň 8 — 14-nji oktýabry aralygynda Gümrük gullukçylarynyň hünär etikasy boýunça geçirilen sebitleýin seminary arkaly hem göz ýetirdik. Paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen seminara Bütindünýä gümrük guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Albaniýa, Gruziýa, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Moldowa, Özbegistan, Serbiýa we başga-da birnäçe döwletleriň gümrük gulluklarynyň işgärleri gatnaşdylar. Sebitleýin seminaryň çäklerinde gümrük işgärleriniň hünär bilimlerini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak maksatly ýörite çykyş edildi. Gruziýa döwletinden gelen wekil Wiktoriýa Kupreişwilli seminaryň geçirilmegine ýokary baha berip, şeýle belläp geçdi:

— Ilki bilen türkmen tarapyna şeýle ajaýyp seminary gurnandygy hem-de mähirli garşy alandygy üçin köp sagbolsun aýdýaryn! Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň bilelikde geçiren bu sebitleýin seminary netijeli häsiýete eýe boldy. Biz bu seminaryň çäklerinde bir-birimiziň iň gowy tejribelerimizi paýlaşmaga uly mümkinçilikler aldyk. Men ýene-de Türkmenistana gelmegi
arzuw edýärin!

Mežnun ÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant.