Dostluk. Hoşniýetlilik. Işewürlik

13 Oktýabr 2023
662

Türkmenistan döwletimizde «Açyk gapylar» syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu gatnaşyklar dostlukly döwletler bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda ösdürilmän, eýsem-de bolsa, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem ilerledilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen subut edýär.

9-njy oktýabrda döwlet Baştutanymyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi. Myhman Türkmenistan bilen ÝHHG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

"Nesil".