Ynsanperwerlik kömegi ugradyldy

13 Oktýabr 2023
656

Owganystanda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken dostlukly döwletiň halkyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda ynsanperwerlik kömegi iberildi. Ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden ybaratdyr.

Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegiň iberilmegi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleriniň berkarar bolýandygyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ilerledýär. Ejir çekenlere goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň dessin kabul edilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralanmagyna ygrarlydygynyň nyşanydyr.

«Watan».