Oňyn başlangyçlar rowaçlanýar

13 Oktýabr 2023
615

Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany goldamak arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolýar. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşulýar. Geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan medeni mirasy gorap saklamak, bilimi, ylmy ösdürmek we halklaryň arasynda parahatçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerini ýola goýmak boýunça ählumumy tagallalara, medeni we tebigy mirasy goramak, saklamak we wagyz etmek işlerine işjeň gatnaşyp gelýär.

Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Kerki etrap geňeşiniň başlygy.