Möhüm ugruň kämil derejesi

11 Oktýabr 2023
548

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilip, guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda saglyk öýleri, döwrebap hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Olar dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.

Ýurdumyzda geçen sanlyja ýylda saglygy goraýşyň ähli ugurlary boýunça uly üstünliklere ýetilip, beýik işler amala aşyryldy. Çünki ynsan hakyndaky, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladany mydama üns merkezinde saklaýan döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini we ýokary derejedäki sporty ösdürmek boýunça anyk, yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy baradaky alada esasy orunlaryň birini eýeleýär.

Aýjahan ARTYKNIÝAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.