Ylym-bilim binýadymyz barha pugtalanýar

3 Oktýabr 2023
1018

Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyýetiniň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli bilim syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim, medeni kuwwaty barha pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylym-bilimiň binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan depginli işler esasy orun eýeleýär. Ylym-bilimi berkitmek, dünýä derejesine çykarmak we onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatyndaky ajaýyp işler jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär we aýdyň ertirlere kuwwatly itergi berýär.