«Merkezi Aziýa — Germaniýa» hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry

5 Oktýabr 2023
539

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Saparyň maksatnamasyna ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň derejesinde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi girizildi.

Köptaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli meýdançasy