Kämil başlangyçlara badalga

5 Oktýabr 2023
633

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-29-njy sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary netijeleri gazanýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Germaniýa» duşuşygynda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BMG-niň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtamak bilen: öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti, ykdysady ösüş meselesinde ählumumy özara baglanyşyk, halkara giňişlikde energiýa serişdelerini ygtybarly üstaşyr geçirmek, täze ulag geçelgelerini döretmek bilen bagly ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti babatda beýan edenleriniň gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldanylmagy we dünýäde oňyn seslenme döretmegi diýseň buýsançly boldy.

Geldimyrat SAÝYPOW,
lukmançylyk gullugynyň maýory.