Ýaşlar dialogy: parahatçylygyň bähbidine

4 Oktýabr 2023
661

Öňňin Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» ady bilen halkara ýaşlar forumy geçirildi. Forum Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynydyr wekillerini, Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Liwiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan ýaşlary, şeýle hem halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň işgärlerini bir ýere jemledi.

Biz halkara foruma gatnaşyjylaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

«Türkmenistan»