Halkara hyzmatdaşlygynda täze başlangyçlar

3 Oktýabr 2023
624

Hormatly Prezidentimiziň 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, ählumumy abadançylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm, täze başlangyçlar bilen çykyş etmegi taryhy ähmiýetli waka boldy.

Azyk meselesini çözmekde Birleşen Milletler Guramasyna doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň möhüm ugry bolup durýar. Döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende, agzybirligiň, tutanýerliligiň, aýgytlylygyň zerurdygyny bellemek bilen, islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeleriň möhümdigine ünsi çeken hormatly Prezidentimiz bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütleriň, täze çemeleşmeleriň zerurdygyny nygtady. Bu çäräni ylalaşylan möhletlerde Aşgabatda geçirmek üçin şertleri döretmäge Türkmenistanyň taýýardygy hem mälim edildi.

Şahruh MUHAMMATOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.