Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki möhüm ädim

3 Oktýabr 2023
528

Halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 28 – 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Saparyň maksatnamasyna ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň derejesinde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen birlikde, GFR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýetli köptaraplaýyn çäräniň guralmagy Ýewropanyň bu döwletiniň halkara giňişliginde durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan, şeýle hem Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Bereketli toprak».