Türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimi giňeýär

3 Oktýabr 2023
651

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary syýasy hem işewürlik ugurly wakalara baýlygy bilen tapawutlandy. Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýet Baştutanlary bilen bilelikde german işewürleri bilen geçirilen köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşmagy, saparyň çäginde guralan Türkmen-german işewürlik maslahatydyr ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň geçiren iş duşuşyklary özara bähbitli ykdysady hem işewürlik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna baha berip, onuň geljekki mümkinçiliklerini ýakyndan ara alyp maslahatlaşmaga amatly şertleri döretdi.

Biz saparyň dowamynda öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň türkmen bazarynda iş alyp barmak babatdaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

«TÜRKMENISTAN»