Dünýäniň kalbyna uzaýan ýollar (Ýaş žurnalistiň sözi)

2 Oktýabr 2023
532

Gündogarda «Dostluk görüşmekden başlanýar» diýen meşhur aýtgy bar. Beýik türkmen akyldary Mahmyt Zamahşary bolsa: «Dünýä ýoldan, ýol ädimden, ädim ýagşy niýetden gözbaş alýar» diýip tekrarlaýar. Ýagşy niýetler bilen dünýä ýüzüne dost-doganlyk ýoluny çekýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 28-29-njy sentýabrda Ýewropa yklymynyň ýüreginde — Merkezi Ýewropada ýerleşýän Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary dostluk we ynanyşmak ýörelgeleriniň türkmen nusgasyny ýene-de bir gezek äleme ýaýdy.

DIALOG BIRLEŞDIRÝÄR

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».