“Türkmenpoçta” ýük ugratmak hyzmatynyň gerimini giňeldýär

2 Oktýabr 2023
578

Az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar.

Ýüki demir ýol menziline özüň baryp ýa-da ýüki alyp gitmäge çapar çagyryp hem iberip bolýar. Ýüküň ugradylýan ýerinde poçta kärhananyň işgärleri islendik görnüşli, hala gurluşyk serişdeleri, mebel, iri hojalyk tehnikasy ýa başga ýükler bolsun, ýüklemek we düşürmek işinde ýardam bererler.