Berliniň binagärlik keşbi

1 Oktýabr 2023
433

TÄSINLIKLERE BAÝ PAÝTAGT

Germaniýanyň paýtagty Berlin orta asyr we häzirki zaman binagärliginiň ajaýyp eserleriniň sazlaşygyny özünde jemleýän arassa hem-de owadan şäherdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde milli wekiliýetimiziň düzüminde Ýewropanyň ykdysady taýdan iň kuwwatly döwletiniň baş şäheri bilen ýakyndan tanyşmak bize-de miýesser etdi. Alys ýurda sapar-syýahatdan galan täsirleri paýlaşmak jahankeşdeleriň asylly däbi bolansoň, bizem nemes paýtagty baradaky gyzykly maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Taýýarlan: Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Biznes reklama».