Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Nýu-Ýorkda ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi

20 Sentýabr 2023
419

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisindäki çykyşynyň barşynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, BMG-niň jogapkärçilikli agza döwleti hökmünde Türkmenistan ileri tutulýan ugurlary belläp, öz çemeleşmelerini we hereketlerini anyk beýan edýär hem-de durmuşa geçirýär. Bu ugurlar boýunça Türkmenistanyň goşandy görnükli bolar we umumydünýä maksatlarynyň bähbidine hyzmat eder, olaryň çalt gazanylmagyna ýardam berer.