Zehinliniň gazanany üstünlik bolar

19 Sentýabr 2023
1519

Ýaşlaryň arasynda zehinlileri, ukyp-başarnykly erjelleri ýüze çykarmakda geçirilýän bäsleşikleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Ine, şeýle bäsleşiklerde zehinli jigilerimiziň ýene biri bilen tanyş bolduk. Ol Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Çary Akmyradowdyr.

Ol fizika dersinden birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmagy başardy. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda gurnalan Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Şol bäsleşikde Çary Akmyradow «Elektrik toguny simsiz aralyga geçirmek» atly taslama işi bilen 3-nji orna, bürünç medala mynasyp boldy. Çary Akmyradow bu bäsleşigiň sergisine hem gatnaşyp, taslama işiniň ähmiýeti, gurluşy barada gürrüň berdi. Onuň bu taslama işi mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň birnäçesiniň ünsüni özüne çekdi. Çary jigimiz şu ýylyň mart aýynda şol taslama işi bilen umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda takyk ugry boýunça altyn medala eýe boldy. Şeýle-de ol bu taslama işi bilen 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 1–14-i aralygynda Nýu-Ýorkda geçen «UNIPO-2023» (Universal Project Olympiad) atly halkara onlaýn bäsleşigine gatnaşyp, kümüş medala eýe bolmagy başardy.

«Güneş».