Döwletara gatnaşyklar üns merkezinde

19 Sentýabr 2023
611

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşyp, sebit hyzmatdaşlygyny dürli ugurlarda ilerletmek bilen bagly anyk teklipleri öz içine alýan çuň manyly çykyş etdi. Bu sammitleriň gün tertibine girizilen meseleler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köptaraplaýyn gatnaşyklarynda bolşy ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Şu mynasybetli dostlukly döwletleriň metbugat neşirlerinde, internet saýtlarynda-da özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna bagyşlanan makalalara, seljerme häsiýetli teswirlere giň orun berildi.

Duşenbe sammitleriniň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelendigini aýratyn nygtamak zerurdyr. Şoňa görä-de, şu günlerde bu şanly senä bagyşlanan ýörite žurnalyň çap edilmegi okyjylara türkmen-täjik gatnaşyklarynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berdi. Rus dilinde çapdan çykan neşirde Türkmenistan hem-de Täjigistan barada umumy düşünje berýän maglumatlar, ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň aýratynlyklaryndan, türkmen-täjik parlamentara gatnaşyklaryndan, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan bilelikdäki işlerden söz açýan makalalar ýerleşdirilipdir.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».