Pes gatlak basyşly guýularyň sütünlerini berkitmek üçin tamponaž kompozisiýasyny işläp düzmek

11 Sentýabr 2023
1241

Uglewodorod serişdeleriniň uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaklygyň ileri tutulýan meýilnamasy «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öz ornuny tapdy. Şol maksatnama laýyklykda, 2030-njy ýylda nebitiň gazylyp alnyşynyň derejesini bir ýylda 110 million tonna we gazyň alnyşyny bolsa ýylda 250 milliard kubmetre çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Bu sepgitlere ýetmek üçin dünýäde ylmyň iň soňky gazanan öňdebaryjy tehnologiýalaryny hem-de tehnikalaryny nebitgaz pudagynyň önümçiligine ornaşdyrmak häzirki wagtda zerur bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, nebit we gaz guýularyny burawlamaklyga, esasan hem, olaryň sütünlerini berkitmeklige degişli bolan ylmy-tehniki işleriň mundan beýläk ösdürmekligine uly üns berilýär.

Begli HALIÝEW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri.