Ösüşleriň hem özgertmeleriň eýýamy

30 Awgust 2023
1334

Häzirki wagtda ýaş nesillere berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, ähli bilim edaralary sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň netijesinde giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn kämil, sanly tehnologiýalara ökdelik bilen erk edýän, dünýä dillerini öwrenmäge höwesli täze nesil kemala geldi.

Ýaş nesillerimiziň bilim başarnyklaryny dünýä dillerini öwrenmek arkaly artdyrýandyklary aýratyn guwandyryjydyr. Olara daşary ýurt dillerini öwretmekde täze tehnologiýalara, öňdebaryjy usullara daýanylýar. Ýaşlar elektron sözlükleriň, gollanmalaryň, kitaplaryň kömegi arkaly bilim derejelerini artdyrýarlar. Bilimiň ak ýolundan öňe barýan ýaş nesilleriň döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşlary egsilmeýär.

Nurbibi Uşakowa,
Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.