Halkara giňişlikde

19 Awgust 2023
590

Eksport mümkinçilikleri öwrenilýär

Golaýda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen dostlukly ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda K.Iwanow ilçini Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri bilen tanyşdyrdy hem-de ýurdumyzyň käbir ugurlar boýunça eksport mümkinçilikleriniň öwrenilendigi barada habar berdi. Söhbetdeşler iki döwletiň haryt dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, ulag-logistika meseleleriniň üstünde-de durup geçdiler. Karen Iwanow türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, degişli wekillerden ybarat toparyň güýz aýlarynda Türkmenistana iş saparynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Taýýarlan Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».