Saýlawlara taýýarlykly barylýar

21 Iýul 2023
700

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň, ýagny Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanylan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga bolan hukuklarynyň demokratik esaslary ösdürilýär.

2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda boljak Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynda raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Saýlawçylaryň saýlaw uçastogynda ses bermekleri üçin ähli şertler üpjün edilýär.

Mahym BEGLIÝEWA,
«Watan».