Türkmenistan koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine gyzyklanma bildirýär

21 Iýul 2023
527

Ozal habar berşimiz ýaly, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo bilen şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen gepleşikleriň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Söwda-ykdysady, energetika, ulag we logistika, sanlylaşdyrma we ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda bitiren ýokary hilli işleri bilen özlerini gowy tarapdan görkezýändiklerini kanagatlanma bilen belledi.