Türkmenistan — Koreýa: parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär

21 Iýul 2023
1261

Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýtagtymyzyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary mähirli garşylanyldy.