Şäher — dünýä derejesinde

19 Iýul 2023
727

Robert FRANSEW,
Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysy:

— Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen halkara habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň we internet-portallarynyň wekilleri bilen bilelikde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen «akylly» şäher baradaky habarlardyr maglumatlary halk köpçüligine ýetirmek bagtynyň miýesser edendigine diýseň buýsanýaryn. Açylyş dabarasyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň hem-de Ýaponiýanyň žurnalistleri gatnaşyp, täzelikleri gyzgyny bilen okyjylar hem-de tomaşaçylar köpçüligine ýetirmegi, has dogrusy, dünýä ýaýmagy başardylar. Dünýäniň 30-a golaý döwletinden gelen žurnalistler dabaranyň yzysüre Arkadag şäherinde Türkmenistanda ilkinji «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň açylmagyna bagyşlanyp geçirilen halkara mediaforuma hem gatnaşdylar.

«Arkadag»