Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

17 Iýul 2023
1209

Aşgabat, 15-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, ähli türkmenistanlylara rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Şunda Täjigistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.