Habarlar halkara giňişlikde

14 Iýul 2023
790

ÝHHG bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy B.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 30-njy mejlisine gatnaşdy. Maksady Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlyk, hyzmatdaşlyk, demokratiýa bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolan duşuşyga gurama agza döwletleriň wekilleri çagyryldy. Bu gezekki mejlis terrorçylyga, kiberhowplara, guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek ýaly wehimleriň öňüni almak meselesine bagyşlandy.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».