Türki dünýäde Magtymgulynyň döredijiligi wagyz edilýär

13 Iýul 2023
690

Bitarap Türkmenistan 1993-nji ýylda esaslandyrylan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Maksady umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramakdan, ösdürmekden, geljek nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat bolan bu gurama köp sanly halkara taslamalary durmuşa geçirip, türki halklaryň medeniýetini wagyz etmegi ileri tutýar. TÜRKSOÝ-nyň guramagynda türki dilli döwletleriň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän bilelikdäki çäreler bolsa halklarymyzyň birek-birek bilen has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýär.

11-nji iýulda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Ankarada ýerleşýän ştab-kwartirasynda «Magtymguly Pyragy we türki halklaryň edebiýaty» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahat hem beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde dabaralandyrmak boýunça guralýan köpöwüşginli çäreleriň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy hem-de TÜRKSOÝ tarapyndan bilelikde guralan maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherine bardy. Ylym we medeniýet işgärleri, daşary ýurtlaryň Türkiýedäki diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, deputatlar, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarydyr mugallymlary, talyplar, bu ýerde köpçülikleýin ýaşaýan türkmenleriň wekilleridir žurnalistler hem çäräniň myhmanlary boldular.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».