Türkmen wekiliýeti ählumumy habarlar forumyna gatnaşdy

13 Iýul 2023
662

Golaýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Ählumumy habarlar forumyna gatnaşdy. Bu forum dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Duşuşygyň gün tertibine emeli aň, howanyň üýtgemegi bilen bagly takyk maglumatlar, töwekgelçilikler we päsgelçilikler boýunça mowzuklar girizilip, halkara çäräniň barşynda bular babatda meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de çözgütler kabul edildi. Forumda dünýäniň dürli künjeklerindäki habarlar gulluklarynyň wekilleri bilen Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, tejribe alşyldy. Umumy maslahatda dünýäde abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tutýan orny we olaryň tagallalaryny birleşdirmek, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bu ugurdaky mümkinçilikleri giňeltmek barada gürrüň edildi. Çykyşlarda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrunda işjeň çykyş edýändigi we şol ynsanperwer tagallalaryň dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýandygy bellenildi.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».