Arkadag şäheri — halkara ähmiýetli şäher

12 Iýul 2023
627

Adamzat ýaşaýşy üçin zerur bolan ýol, köpri gurmak, bina galdyrmak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp gelen, asylly däpleriniň biridir. Ata-babalarymyzyň häzirki nesillere miras galdyran döwletlilik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş ýüzünde aýdyň beýanyny tapýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bina bolan döwrebap şäherleriň, obalaryň ýokary hilli gurluşynyň tejribesinde görmek diýseň guwandyryjydyr.

Mähriban halkymyzyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda, obalarynda döwrebap enjamlaşdyrylan desgalary, mekdepleri, saglyk we medeniýet öýlerini, çagalar baglaryny, kitaphanalary, döredijilik merkezlerini gurmak babatynda Milli Liderimiziň bitiren ägirt uly hyzmatlaryna goýýan beýik sarpasynyň, buýsanjynyň, guwanjynyň çägi ýokdur. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen täze şähere Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Çynar RÜSTEMOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparyň jogapkär sekretary.