Hoşniýetli gatnaşyklar

12 Iýul 2023
795

Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy eziz Diýarymyzyň häzirki döwürde parahatsöýüjilik ýörelgeleri bilen birlikde dünýä ýüzünde adamzadyň geljegi hakyndaky wezipeleriň maksadalaýyk çözgütleriniň üpjün edilmeginde esasy orny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Döwletimizde iri taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmekde ajaýyp üstünlikleriň gazanylmagy Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýar. Şonuň netijesinde, ösüşiň aýdyň ýolundan öňe barýan Türkmenistan bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara guramalaryň hem-de kompaniýalaryň we işewürleriň sany barha artýar. Aýdylanlara mysal hökmünde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň dowamynda dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly gol çekilýän resminamalary, geçirilýän duşuşyklary aýratyn nygtamak bolar.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, umumy abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar.

Merjen ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.