Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri giňeldilýär

12 Iýul 2023
675

Düýn Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem-de Mejlisde duşuşyklar geçirildi. Şeýle-de dostlukly ýurduň wekiliýet agzalary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Ýaponiýa hakynda iňlis dilinde neşir edilen kitaplary sowgat bermek mynasybetli guralan dabara gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça üstünlikli ilerledilýär. Şoňa görä-de, Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurlary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýokary derejedäki dialogyň özara hereketleri giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini nygtap, şunda parlament diplomatiýasynyň ornuna aýratyn üns berdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran sapary bolsa türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde netijeli ädime öwrüldi.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Maksat GYLYJOW.