Daşary ýurt kompaniýalary «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ bilen iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýär

10 Iýul 2023
626

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýärler.

TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 7-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gämi gurluşygy boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işler hakyndaky hasabatynda aýtdy.