Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: bilelikdäki tagallalar işjeňleşdirilýär

7 Iýul 2023
538

4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň şu gezekki duşuşygynda bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hindistan Respublikasy başlyklyk etmek bilen, bu sammit «Howpsuz ŞHG ýolunda» (Towards a SECURE SCO) mowzugy boýunça geçdi.

"Nesil".