Tanyşdyrylyş dabarasy

7 Iýul 2023
597

Golaýda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Saud Arabystany Patyşalygyna sapary wagtynda Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohammad Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen «Yslam ösüş banky we doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň prezidentiniň ýoly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, ugurdaş döwlet düzümleriniň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy Yslam ösüş bankynyň taryhyna, şu gününe we onuň ýerine ýetirýän işine bagyşlanan hem-de bu banka agza ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen bagly alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, döwletimiziň ykdysady ösüşlerini özünde jemleýän maglumatlar beýan edilen kitabyň sowgat berilmegi bilen gutlap, ýurdumyzda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde bu iri maliýe düzüminiň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda Yslam ösüş bankyna agza ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösüşi hakynda anyk maglumatlara üns çekilip, söwda-ykdysady häsiýetli, ilkinji nobatda, ählumumy derejeli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen maýa goýum syýasaty babatda alnyp barlan bilelikdäki işlere giňişleýin syn berildi.

«Watan».