ÝUNESKO: gymmatlyklarymyz adamzadyň genji-hazynasynda

30 Maý 2023
411

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy meseleleri bilen birlikde milli medeniýetimiziň ýokary depginde ösmeginde hem döwlet bähbitli, milli ähmiýetli asylly işleri amala aşyrýar.

Ýurdumyzda «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary geçirilip, olarda ýeňiji bolanlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň Şa serpaýlary bilen sylaglanmagy-da, Arkadagly Serdarymyzyň zehinleri öňe çykarmak, milli medeniýetimizi ösdürmek, dünýä ýaýmak babatdaky aladasyndan aýdyň mysallardyr.

Aýjemal NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň Döwlet dolandyryşy ugrunyň talyby.