Latwiýada ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

30 Maý 2023
309

12 — 16-njy iýun aralygynda Latwiýa Respublikasynda geçiriljek Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada 26-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda aýdyldy.

Nygtalyşy ýaly, duşuşygyň dowamynda Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, TRACECA halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmegiň mümkinçiliklerine degişli meseleleriň giň toplumyna garamak göz öňünde tutulýar.