TÜRKMENISTAN—EÝRAN HYZMATDAŞLYGY: TÄZE SEPGITLER

30 Maý 2023
565

Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy bolan we umumy taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan  dostlukly döwletleriniň biri hem Eýran Yslam Respublikasydyr. Goňşy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy.  Netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýyllary içinde iki dostlukly ýurtlar döwletara, hökümetara we pudagara derejelerinde baglaşylan halkara resminamalaryndan ybarat bolan berk şertnama-hukuk binýadyny döretdiler.

 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi. Saparyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna degişli hyzmatdaşlygyň ýetilen sepgitleri we täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi türkmen-eýran  gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Saparyň netijeleri boýunça 10-a golaý hökümetara resminamalaryna gol çekildi.

Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.